- uky
- [u:ky]Belli bir wagt aralygynda aňyň işlemän rahatlyk halda bolup geçýän fiziologik ýagdaýy.∙ Jommy süýji ukuda hor çekip ýatan eken. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Şol gije şu hyýal bilen gözüme uky gelmedi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (u) ýazylýar.Meselem uky - ukuda, ukular, ukusy.◊ uka gitmek — Süýji uklap ýatmak, uklamak.∙ Ol şagallaryň uwlaşýan seslerine gulak asýardy, iň soňunda uka gidýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)◊ ukudan goýmak — Uklamaly wagtynda uklatman saklamak, ýatyrmazlyk.∙ Öz-özüňden dowul tapyp, birnäçe adamyny ýedi gije ukudan goýupsyň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ ukusy gaçmak — Ýatasyň gelse-de uklap bilmezlik, ukusy tutmaýan hala gelmek.∙ Sapargülüň ukusy gaçdy. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)◊ ukyň tutmak — Uklasyň, ýatasyň gelmek.∙ Ukym tutup, gözüm ýumulyp gelýär, irkiljek men, alyp durma ýanymy. (Nury Annagylyç, Goşgular)◊ ukyňy almak — Rahat ýatyp dynjyňy almak, uklamak islegini kanagatlandyrmak.∙ Men pugta ukymy aldym.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.